Hak we batyl

0:00
0:00
Hak we batyl

Içimden bir seda goýmaz, haky sözle dogry galkyn. Paradan iýýänler çörek, kirli pulyn eder galkan. Akar suwy kesileniň, gür bagyda salmaz salkyn. Manawy hiç güýji ýoga, milletçilik eden halkyň. Halk eden Halygy tanyn, etmezdi pis hilesini. Dogan diýen görüp bolsa, bitirmez gep çilesini. Hakdan özge gorkym bolmaz, ýüz görmerin diýmesini. Ýer gurçuga tut ýaprak tut, görmersiň hiç pilesini. ... Pil sapyny taldan etseň, uzak gitmez tiz omrular. Terbiýesiz ahlagy ýok, köp dar balak, boş domrular. Adalaty gurmadyklaň, Halyk gahryna ýumrular. Höwertgesin terk eýlemiş, içimde ýaşan gumrular. Göge bakyp nalyş edýän, habary ýok däl kesbinden. Köňli dünýä arzuwlary, görnüşi zikir tesbinde. Bir başa bir ölüm bar hak, şübheli gezsin tessinde. Zalyma zalym diýmeýän, ýaşasyn dilin kessinde. ... Akyllymyş akyl satar, özüni däl görnüşini. Gul hakyny gazanç eden, eder melgun gernişini. Jany ýanan sabry tükän, goýmaz içgin gargyşyny. Husut gysganar baý malyn, dözmez kişä gar gyşyny. Körseleme köz bolarsyň, köpçüligiň geçmişini. Susmak akyldan bir parça, sukut tapar ýeçmişini. Nadan bolan görebilmez, özündäki etmişini. Betbagtyň jahyllygy doldursada ýetmişini.

2 Comments

Leave a comment

Author
7 months ago

See track description ↑

7 months ago

Круто 🔥 Круто 🔥 (original: LIT 🔥 LIT 🔥) Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥

User avatar
529
Total plays
59
Followers
215
Following

You may also like