Iki katip
Çäýnek başy dik bolsada, diýdim boýnun eger käsä. Özüne akylly öýder, başy eşekçe ýok käsi. Sabyr soňy salamatlyk, diýip köşeşerin käte. Çünki her kesiň amalyn, ýazar durar iki kätip. Hyýanat eden kim bolsa, ony asla geçirmesin Hylwata ýazaryn düzme, gözün süzüp göçürmesin. Dünýe bir loly zenana, gelmez erki gaçyrmasa. Gaýyş papak meni goýmaz, bu aýatdan öçürmese. Öçürmeseň depderiňden, kine geçer herekede. Unudanlar päk haýany, garaşmasyn berekede. Halyga iman etmedik, iki dünýä telekedir. Eliň bilen edeniňe, hasap berjek ýelekedir. Ýelkä alyp soňra bildim, goly menden soguranny. Toý ediler äht gyýman, aňmaz zyna doguranny. Paradan iýýänler çörek, bilmez näçe sowaranny. Aýlykçy gam sokusynda, ýetebilmän owuranny. Owranan köp kanagatsyz, aç gözleri doýurar gum. Ýüz görmerin Haka gelse, diýsin dili _yiti bir şum. Zerre gadry ýok pelegem, gitmejege gyzyldan hum. Gürleseň çyn haýyr sözle, ýogsada gys agzyň ýum. Çäýnek başy dik bolsada, diýdim boýnun eger käsä. Özüne akylly öýder, başy eşekçe ýok käsi. Sabyr soňy salamatlyk, diýip köşeşerin käte. Çünki her kesiň amalyn, ýazar durar iki kätip. Ýazar durar,ýazar durar ýazar durar iki kätip. 😳
You may also like

Leave a comment
See track description ↑
G.O.A.T. 🐐
Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥
Bars: Dope 🔥 Delivery: Great 🎉 Impression: Dope 🔥
Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥
Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥