Ömrümiň bahary
Manylara dolup bakan, ala gözleriňe aşyk. Pasyllary arka goýup, ýyllar içre geldim aşyp. Söýgim buda dogry düşün, gatyrgansam saňa aşa. Sensiň ömrümiň bahary, bagtýar men bile ýaşap. Uzyn boýlaryň bar serwim, köňlüň gözel kanagatly. Bar bolaýsa iki bagt, men olardan bir bagytly. Käte sabyrsyzlyk edip, ynjytsam gülim bagyşla. Ökünerin gawanşyma, galdyr başyň dolan başdan. Alowlar uçgundan dörär, yşkyň gursagymda uçgun. Her gün işden öýe girsem, tebessum et meni guçgun. Bu dünýäde meniň üçin,eger bar bolsa bir uçmak. Elbetde ol seniň bilen, ýar maşgala bolup geçmek. Akja ýüzüň nura dolan, dodajyklaň bägül mysal. Ertekilerdäki hüýr deý, bu dünýämde bolan wysal. Sözleriň melhem bu jana, lewiň şeker gandu asal. Hasrat sowgy daşym alsa, bu göwrämi gujagňa sal. saz😳 Gara saçlaryň mara deý, käşge bolsam oňa darak. Ýekelikdi tutan ýara,oňa söýgiň boldy sarak. Senden özge gözellikde, eglense kör bolsun garak. Azaşypdym ýalňyzlykda, mähriň bolmuş maňa çyrak. Ryzklandyrsyn söýgiň bilen, bizi duş eýeleýen Halyk. Uzyn köýnek saňa gelşer, başyndaky gülli ýaglyk. Göýä ertekiden gelen, arzuw beren altyn balyk. Ýanymda bolsaň ol ýeter, islemerin başga şalyk. Ejizleme düşünmese, ýakynlaryň hossarlaryň. Çünki meniň deý ýoksula, gözelligňi gysganç olar. Sabyr soňy salamatlyk, kynçylygyň soňy hoşluk. Bu günleriň ertiri bar, In şa Allah gowy bolar. Haýaň imanyň wyždanyň, içiňdäki nuryň seniň. Akja durnam zarynlama, solmasyn güldeý bedeniň. Ol owadan täçmahala, äkitmek arzuwym meniň. Ähli halk gyzyndan gözel, çünkisiň gyzy türkmeniň.
You may also like

Leave a comment

Bars: Great 🎉 Delivery: Great 🎉 Impression: Dope 🔥
Bars: Perfect 💯 Delivery: Perfect 💯 Impression: Perfect 💯
Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥