HuuuHak

0:00
0:00
HuuuHak

KYÝAMATA IMANY BOLAN,GÜRLESE HAÝYR GÜRLESIN ÝOGSADA DYMSYN. Muhammed ﷺ Dilim diýse hamd-sena, göge galar süýem barmak. Dünýeki bir nejasaty,her kim pisligine çarmak. Dost edinme möý hyrsyn, onuň işi kerep sarmak. Altyn balyk öýtseň özňe,melgun awçy nebis garmak. Gybat ejizleriň işi, gulagym ker ýalan gepe. Gamyşakda közi bolmaz, odun külden çykmaz depe. Gazanjyna kaýyl bolman, gidip ýörenlermi çepe. Garaňkylyk gapysyz jaý,mar sokar daralar kepen. Ýyldyz sanyna buýsanma, onuň ömri daňa çenli. Peýda üçin dostlaşanyň, ýoly menden saňa çenli. Buz üstünde yz araýan, dogum ýetse çaňa çenli. Pikir berseň gybatkeşe,syryň senden ýaňa çenli. Derdiň aýtma adam diýip, iki ýüzli muhannese. Niýeti pis pisi söýer, akar suw ymtylar pese. Ybadat her halalykda,köňül gumany teň kesel. Hasad alow sogap ýakar,küfüriň köz sabyr kesew. 🫡 HuuuHak HuuuHak HuuuHak ha ha ha 2gaýt Altyn zere besleseňde, bedew bolmajakki eşek. Gabyrda çuň azap bolar,çakymçylyk syçran peşew. Nemrut goşny ýogalşyna,sebäp musallaty peşäň. Rep bu meniň gazanjym däl, hobby ýagny keýfu neşäm. Üstünlikden başy dönüp, yzlygyna giden kança. Çünki pulyn arka tutup, göwün goýmuş bu ýalança. Para bilen gazanç eden, kezzapçylyk işi ança. Ýokarymda ýeke şaýat,olaň soňy it deý sança. Hile bilen hakyn iýip,eder melgun gernişini. Utançsyzlar akyl satar, özüni däl görnüşini. Gajjet iki ýüzli hanjar, köpler ýykdy durmuşyny. Haýryn gördi azdyrmady, Hakyň sadyk derwişini. Jasus içiňdäki ego, saýlamaz ol garry ýaşy. Görnüşi bir ybadat-hon, görünmezi tüm Haşaşy. Haky inkär etmeýän deý, diýer Haşa Sümme Haşa. Bir Hudaýy laýyk bilýän, öwünmegi öwmek aşa. 🫡 HuuuHak HuuuHak HuuuHak ha ha ha 2gaýt Bolmasa aza kanagat, gapylmaz gözleri käne. Ýyly girende topraga, daşy ýaryp çykar däne. Men menlik melgunyň işi, merhemet et bolsa ýadam. Robbuna az şükür eder, sabyrsyz ýaralan adam. Ertiri bir Biri☝️ biler, haýyry köp etgin endik. Şerden daş durardy käşge, geçmişi dolap bilsedik. Sünnet Nuhuň gämisiki, dünýe sil ýagyşly gedik. Gark bolar ol tupan sile, Pygambermize eýermedik. Ýema zerre haram bolup,eger agyşsaki nandan. Bolar çahe nejis bir zat, düşen ýeke damja gandan. "Sopy Allaýar Işan" Hakyň kanunyny bozup, adamzat tämiz tutmasa. Suwlar joşa geler soňra, başlar ýeriň ýugutmasy. _yiti

1 Comments

Leave a comment

Author
9 months ago

See track description ↑

User avatar
529
Total plays
59
Followers
215
Following

You may also like