Buyuk Turkistan

0:00
0:00
Buyuk Turkistan

SIZE SALAMATLYK ISLEÝÄN, BÜÝÜK TÜRKISTAN, TÜRKIÝE TÜRKMENISTAN, ÖZBEKISTAN GAZAGYSTAN, GYRGYZYSTAN AZERBAÝJAN. UMMATY MUHAMMEDIÝE, BIR BEDEN BIR GÖWRE BIR JAN. (Sallallahu aleýhi wassalam) Huu.Hak Kökümiz Oguzdan gaýdar, daragyt Hun Atil dogrul. Seljuk ýurdun watan eden, galkdy dädemiz Ärtogrul. Alp Arslan ol Malazgirtde, ýykdy serin küfür bazyň. Islam baýdagyn göterip, çykdy babam Osman gazy. Haka aşyk Alpdy bary, yşk ýoluna berdi serin. Hakykaty ýaýmak üçin, tesmedi hiç gaýa ýerin. Şehit olar, Gazy olar, Öwlýasydy gözel Diniň. Baş goýdular, Kudus üçin, amanatydy Salahaddiniň. Atasynyň ýolun tutup, Islami ýaýmana barha. Agamyzdyr fetih eden, ol Bursany gazy Orhan. Din Sanjagyn belent tutup, Ýewropa açan gapyny. Çünki Halyk ryzadan, bolmady başgarak syny. Nebi öwgüsi nesip eden, ol gözel Goşun Komendan. Konstantini Islam eden,gardaş Fetih Mahmet soltan. Syýasaty gözel bilen, toplar döken myltyk ýasan. Çeken aňlar beýle şeref, sözleseň tek dile aňsat. Asyrlarça ýaşan türki, musulmanyň imperiýasy. Albulhamid handan soňra, köp bolupdy pygly asy. Gudraty magryp maşrykdy, çökdi içden iýmek bilen. Ol gudraty ýykypdylar, (maňa näme) diýmek bilen. Ol gazy şehit atalar, uýalaryň gardaşlaryň. Seri siňde topraklara, çökdi tümi gargyşlaryň. Parçalandy türki halklar, musulmanlyk jyda düşdi. Bu wagt arzy ýok iman, ol zaman altyn kümüşdi. 😳sazzz DILLERIMIZ GÖZEL GÜRLÄN, EMMA TUTAN IŞIMIZ GALP. ÝÜZLER ÝYLGYRAR BILDIRMÄN, SESSIZ AGLAR WEÝRANA KALP. BIR ÝARYM ASYR OZALLAR, BOLUPDYK BÜTEW TÜRKI HALK. OGUZ GANYN GÖTEREN HALK, UMMATY NEBI AÝAGA GALK. Mangollara döwüş eden, Jelaleddin hem ol Kuduz. Nurberdi han, Jüneýit han, Gowşut han Seýitnazar Seýdi. Watan goran ägirtlere, Alaman diýen ol talançyň. Goýan ýoly düşünjesi, ýok boldy ady hem meýdi. Watan üçin ýurdy üçin, dini üçin jeňe çykan. Olara Hak rähmet edsin,razy bolsun ol alplardan. Är watançy atalarmyz, yşky tek imany gözel. Aslymyzy unutdykda, tanarys film kitaplardan. Bu watany gurmak üçin, her tiräň bar ata gany. Milletçilik ýurdy ýykar, tapmarsyň ol işden many. Näçe ýurtlar weýran bolmuş, fitneden gözleýip nany. Watan söýmek imanyňdan, ömür geçer bu bir pany. Dünýä köňül goýan, ýetmeýer Haka. Suwlar kesiler, toparak tüm akar. Nebsiňe et jyhat, janyňy ýakar. Pygly bolan zähir, tek özün çakar. Haý höwes ýaman, başyňa ýeter. Bu dünýe ýalan, hilesi beter. Ummatym diýen, ol gözel ynsan. Oňa iman eden,eýlesin ynsap. DIN IMAN WATANY DIÝIP, ÖTENLERIŇ HORMATYHA. ŞEHIT GAZY ALP ATALARA, GARDAŞ OKA AL-FATYHA (Alhamdulillahi Robbil A'lemin)

11 Comments

Leave a comment

Author
10 months ago

See track description ↑

2
9 months ago

SHOTS FIRED 🔫

Author
10 months ago

☝️

10 months ago

Выпрямление 👌 (original: Straightenin' 👌) Bars: Perfect 💯 Delivery: Perfect 💯 Impression: Perfect 💯

2
10 months ago

Bars: Great 🎉 Delivery: Great 🎉 Impression: On point 🎯

1
10 months ago

Дикий 🤪 (original: Wild 🤪) Bars: Dope 🔥 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥

1
10 months ago

Отметьте это ⭐ (original: Tag This ⭐) Bars: Perfect 💯 Delivery: Dope 🔥 Impression: Dope 🔥

1

Bars: Great 🎉 Delivery: Great 🎉 Impression: Great 🎉

1

I feel it! 🤜🤛

1
User avatar
529
Total plays
59
Followers
215
Following

You may also like